Saýatly telekeçi her aýda 1,5 müň tonna süýji önümlerini ilata hödürleýär
Saýat etrabynyň Saýat şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Jeren Joraýewanyň öndürýän süýji önümlerine bolan isleg barha artýar.
Etrap merkezinde ýerleşýän önümhanasynda telekeçi süýji-köke önümleriniň bäş görnüşini taýýarlaýar we welaýatyň çägindäki dükanlara iberýär. Her aýda bu önümiň bir ýarym tonna töweregi alyjylara hödürlenilýär. Telekeçiniň önümhanasynda bişirilýän tortlar hem alyjylaryň göwünlerine ýaraýar. Olary taýýarlamakda tebigy goşundylardan peýdalanylmagy önümiň tagamynyň gowy, saglyk üçin ýokumly bolmagyny üpjün edýär.