TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Hak Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler hödürlenilip başlandy

Lebap welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler hödürlenilip başlanyldy.
Saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli otuz ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenilmäge hukugy bardyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlisinde geçirilýär. Her welaýatyň çägi sekiz mandatly bir okrugdyr. Saýlawlarda ses bermegi we onuň jemini jemlemegi welaýat saýlaw topary guraýar.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriler.

 

Leave a Reply