YKDYSADYÝET

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çörek kärhanasynda önümçilik depgini ýokary

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çörek kärhanasynda geçen ýylyň degşli döwri bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 142,7 göterime barabar boldy. Bu barada «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Kärhanada häzirki wagtda galyp, tamdyr galbaň, barmak çöregi, Ahal çöregi, Ruhubelent çöregi, «Şanly» çöregi, «Bereketli» batony, «Höwesli», «Toý külçe», «Altyn däne», «Guşak» süýjüli çörek ýaly birnäçe çörek we çörek önümleri alyjylara hödürlenilýär.

Hünärine ezber, işine höwesli zenanlaryň yhlasly aladalarynyň netijesinde bu ýerde meýilnama artygy bilen berjaý edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: