DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Largus Cross» «Garagumyň» öwüşginini aldy

«AwtoWAZ» «Lada Largus» awtomobiliniň özgerdilen görnüşlerini köpçülikleýin çykaryp başlady. Ilkinji bolup konweýerden ýolsuz ýerlerde hem sürmäge niýetlenen hem-de «Garagum» diýen öwüşgin çaýylan «Largus Cross» düşürildi. Bu barada «rambler.ru» habar berýär.
Özgerdileninden soň «Lada Largus»-yň öň tarapynda X-stildäki bölek, moldingleri, «Renaut Logan»-yň çyralary, radiatoryň öňünde ullakan gözenekler ýerleşdirdiler. Onuň öňki ganaty hem üýtgedilendir. Oňa «Lada Vesta»-nyň gapdal aýnalaryny, depesinde gysgaldylan anten, bezeg, aýna ýuwujynyň täze standart görnüşde topanan pürküjisini goýular.
Maşynyň salonynda «Renault Duster»-iň öňki nesliniň dolandyryş panelini goýdular. Şonuň ýaly-da fransuz modelinden gapysynyň kartasyny hem aldylar. Paneliň enjamlary, ruluň tigiri, oturgyçlar, şonuň ýaly-da tirsekligi bolsa «Lada Xray Cross»-yňky. Ozalkylary ýaly, göwrümi 1,6 litre barabar. 87 at güýjünden 106 at güýjüne çenli güýji bolan benzin hereketlendiriji, 5 basgançakly tizligi üýtgedýän mehaniki mehanizm goýdular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply