YKDYSADYÝET

Türkmenistan: Senagatda hususy önüm öndürijileriň paýy artýar

Ýylyň başyndan bäri geçen alty aýda Lebap welaýatynyň kärhanalarynda 7 milliard 166 million 539 müň manada barabar senagat önümleri öndürildi.

Olaryň 2 milliard 135 million 682 müň manatlygy döwlet eýeçiligindäki senagat kärhanalarynda öndürildi. Bu sanlar ykdysadyýetiň möhüm pudagynda hususy önüm öndürijileriň paýynyň barha artýandygyndan habar berýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde hususy kärhanalaryň ykdysadyýetdäki orny barha artýar. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde, içerki bazary senagat we ilatyň sarp edýän harytlaryny bilen doldurmakda işjeňlik görkezýärler. Netijede öndürilýän önümleriň umumy möçberinde hususyýetçileriň paýyna düşýän mukdary hem barha artýar.

Önümlerini daşary ýurtlara eksport edýän hususy kärhanalaryň sany hem ýylsaýyn köpelýär.

                       

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: