BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de ÝUNESKO kafedrasy açyldy

Şu gün  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Durnukly ösüş üçin Ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasbetli bluň geçen dabara ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli sekretariatyň kätibi,  Türkmenistanyň Gahrymany  Çynar Rüstemowa, institutyň mugallymlary we talyplary gatanşdylar.

Bu ýokary okuw jaýyna Durnukly ösüş üçin Ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagy halkara derejesindäki amala aşyrylýan taslamalaryň milli we sebit derejesinde durmuşa geçirmekde ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, ÝUNESKO kafedrasyny açmagyň esasy maksadyny bellenen ugur boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýokary okuw mekdepleriniň  hyzmatdaşlygyny üznüksiz ösdürmek we ylmy-barlaglary kämilleşdirmek barada giňişleýin gürrüň berdi. ÝUNESKO kafedrasynyň esasy maksatlary dünýä we döwlet derejesinde ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlyk toruny döretmekden, durnukly ösüşde, ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmakdan ybaratdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: