Çärjewdäki mekdep muzeýi ýedi ýylda ikinji gezek ýeňiji boldy
Çärjew etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň Obanyň taryhyny öwreniş muzeýi welaýatymyzyň ähli mekdep muzeýleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy.
Ýeri gelende aýtsak, bu bäsleşik umumybilim edaralarynda hereket edýän muzeýleriň terbiýeçilik işindäki ähmiýetini artdyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýokarda agzalan mekdepde hereket edýän muzeý hut şu bäsleşikde mundan ýedi ýyl ozal hem ýeňiji bolupdy.
mekdep muzeýleriň arasynda yglan edilen “Iň gowy mekdep muzeýi” atly
Mekdep muzeýi 5 bölümden ybarat bolup, onda häzirki wagtda 700-den gowrak gymmatlykt bar. Muzeýde, esasan hem, obanyň medeniýeti, belli şahsyýetleri we zähmet, durmuş şertleri barada maglumatlar bar.
Muzeýe mekdebiň taryh mugallymy Seýitkuly Işanow ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de onuň taryhy maglumatlar bilen baýlaşmagynda mekdep okuwçylarynyň hem-de oba ýaşaýjylarynyň, ýaşulylarynyň ýardamy uly.
Halkymyzyň gadymy ýaşaýyş medeniýetini, milli mirasymyzyň gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny ýaş nesle ýetirmekde şeýle muzeý gymmatlyklaryny ähmiýeti uludyr.