BILIM

Adatdan daşary ýagdaýy üpjün etmek barada okuw geçirildi

Çärjew etrabyndaky 58-nji we Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdeplerinde ýer titremeleriniň we tebigy betbagtçylygyň ýokary howpy bolan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek taslamasynyň çäklerinde okuwlar geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we BMG-niň çagalar gaznasynyň  (UNICEF) bilelikde guran çäresine şu mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.

Onda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi, okuwçylary howpsuz ýerlere çykarmak üçin mekdep ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň öňlerinde durýan wezipeler düşündirildi we slaýdlarda halas ediş ileriniň guralyşy görkezildi. Soňra mugallymlar öwrenenleriniň esasynda okuwçylar bilen şeýle sapaklary guradylar.

Bu mekdeplerde beýleki orta mekdepleriniň mugallymlary bilen hem şeýle okuwlary guramaklyk göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: