BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de täze hünärleriň ikisi açyldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda täze hünärleriň ikisi açyldy.

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, bu baýry ýokary okuw mekdebinde 2023 ― 2024-nji okuw ýylyndan başlap, taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlar.

Ýeri gelende aýtsak, täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şolaryň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: