BILIM

Lebap welaýatynyň okuw jaýlarynda täze okuw ýyly başlandy

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde hem täze okuw ýylynyň sapaklary başlandy.

Birinji sentýabrda ýurtda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. Şu mynasybetli  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, orta we başlangyç okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde dabaralar geçirildi. Olarda Türkmenistanyň Prezidentiniň okuwçylara, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine gutlagy okaldy.

Welaýatda bir sany ýokary okuw jaýy, birnäçe orta we başlangyç okuw mekdepleri, şonuň ýaly-da 385 orta mekdep we mekdep internat hereket edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: