BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de talyplaryň sany 5300-e golaýlady

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim alýan talyplaryň sany 5300-e golaýlady.

Welaýat neşiriniň ýazmagyna görä, bu baýry ýokary okuw mekdebine diňe şu ýylyň özünde talyplyga kabul edilen ýaşlaryň sany 1175-e ýetýär.

Bu ýerde hünärleriň 16-sy boýunça talyplar okadylýar. Täze okuw ýylyndan başlap, institutda taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda ýaşlara bilim berlip başlandy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Türkmenabat şäherinde institutyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulandygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: