LUKMANÇYLYK

Çagalarda çylşyrymly opersiýalar üstünlikli geçirilýär

Şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabynda lebaply çagalaryň 27-sinde çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirildi.

Golaýda ýene-de üç çagada ýürek ýetmezçiligi boýunça operasiýalar üstünlikli amala aşyryldy. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginde gaznanyň serişdeleriniň hasabyna diňe şu ýylyň özünde operasiýa edilen çagalaryň 27-si hasaba alyndy. Ýene-de şonça çaga häzirki günlerde welaýatymyzdaky saglyk merkezlerinde operasiýa taýýarlanylýar.

Şeýle hem şu ýyl bu haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda pemberton usuly bilen Türkmenistanda ilkinji ortopedik operasiýanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini ýatladýarys. Bu operasiýa lebaply Atajan Şöhradowda üstünlikli geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: