BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary tejribeliklerini geçýärler

Okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary okuw we tomusky mugallymçylyk tejribeliklerini geçýärler.

Her ýyly tamamlan talyplar üçin okuw meýilnamasyna laýyklykda tejribelikler göz öňünde tutulan. Olar matematika, biologiýa, himiýa, biologiýa, taryh we dersler boýunça nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde özleşdirýärler. Talyplaryň bir topary institutyň kompýuter merkezinde sanly ulgamdan peýdalanmagyň usullary boýunça alan bilimlerini baýlaşdyrýarlar we olardan peýdalanmak başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: