BILIM

Lukmançylyk hünärini ele alan uçurymlar zähmet ýoluna ugradyldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde lukmançylyk hünärini elen alan uçurymlaryň zähmet we durmuş ýoluna ugradylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Uniwersiteti tamamlap, lukmançylyk kärine eýe bolan 575 uçurymyň 27-si tapawutlanan diplomyň eýesidirler. Uçurymlaryň 85-si bolsa uniwersitetiň kliniki ugurly kafedralaryna hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli Ylmy-kliniki ordinatura ýollanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: