YKDYSADYÝET

Täze suw we lagym desgalary gurulýar

Şu günler ýurdumyzyň gündogar sebitinde suw hojalygynyň desgalarynyň ikisiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Bu desgalaryň biri Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemäge niýetlenen lagym sorujy bekedi, ikinjisi bolsa Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde ýerleşýän kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgasyndan Çärjew etrabynyň ilatly nokatlaryna suw eltýän ulgamdyr. Bu desgalaryň ikisiniň hem gurluşygyny «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar.

Täze desgalaryň ikisiniň hem gurluşygyny şu ýylda doly tamamlap, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: