BILIM

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO kafedrasy açyldy  

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasy açyldy.

Onuň açylmagy öňde baryjy ylym we bilim merkezleri, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk etmek we halkara gatnaşyklary berkitmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretdi.

Ýörite dersleri okatmak, ylmy makalalary we monografiýalary çap etmek, ylmy-amaly konferensiýalary, webinarlary, «tegelek stollary» geçirmek, türkmen halkynyň we dünýäniň halklarynyň medeni mirasyny öwrenmegiň çygrynda innowasion taslamalary döretmek üçin mümkinçilikleri döretmek ÝUNESKO kafedrasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: