MEDENIÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze pýesa goýuldy

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda dramaturg Magtymguly Myşşyýewiň «Ene» atly eseri esasynda oýun sahnalaşdyryldy. Ýaş režissýor Tawus Hakimowanyň goýan oýnunda ene mukaddesligi hakynda söz açylýar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Sahna eserinde çet obalaryň birinde ýaşaýan enäniň başyndan geçirýän ruhy ahwallary, onuň ogullarynyň ýalňyş ädimleri çeper açylyp görkezilýär. Sahna eserinde tomaşaçy bilen inçe baglanyşygyň ýola goýulmagy oýnuň gyzykly bolmagyna uly täsir edipdir.

Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowanyň, artistler Çary Rahmankulowyň, Döwlet Hojanazarowyň, Taýly Allaberdiýewiň ýerine ýetirýän keşplerinde gahrymanlaryň oý-hyýallary we gylyk-häsiýetleri açylyp görkezilýär. Oýnuň sahna bezegini suratkeş Myrat Haýtyýew ýerine ýetiripdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: