MEDENIÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Nowruz baýramyna bagyşlanan sergi işläp başlady

Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Nowruz — parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy» atly wagtlaýyn sergi işläp başlady.

Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergide Nowruz baýramy, onuň bellenilişi, şol gün bişirilýän tagamlar barada maglumat berýän eksponatlar goýlupdyr. Onda el degirmeni, küýzeler, dürli gap-gaçlar aýratyn orun alypdyr. Dürli esbaplar türkmen halkynyň durmuşuny suratlandyrýarlar. Lebaply nakgaşlaryň baýramçylyk, milli däp-dessurlar bilen baglanyşykly çeken suratlary hem bu ýere gelenleriň ünsüni çekýär.

 

Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleri, derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary serginiň ilkinji tomaşaçylary boldular.

Şol gün muzeýde sergi bilen adybir maslahat hem geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: