MEDENIÝETMILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan wagtlaýyn sergi işläp başlady

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan wagtlaýyn sergi işläp başlady. Onda welaýatyň ykdysady ösüşlerini görkezýän maglumatlar, gurlan ymaratlaryň şekilleri goýlupdyr. Onda dokma we tikinçilik önümleri, halylar aýratyn orun eýeleýärler. Muzeýe gelýänler Maral Ataýewa, Dursunsolmaz Muhammedowa. Dilber Umarowa ýaly görnükli sungat işgärleriniň ýasan küýze önümlerine hem tomaşa edip bilerler. Nakgaşlar: Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýew, Alymjan Işankulyýew dagylar hem öz eserlerini sergide goýupdyrlar.
Bu ýerde goýlan materiallar sergä gelýänleri Lebap welaýatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan özgertmeler barada giňişleýin tanyşdyrýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply