JEMGYÝET

Türkmenistanyň çagalaryna täze multfilm görkeziler

Halkara Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda türkmen telewideniýesinde dört ýaşdan uly çagalar üçin niýetlenen täze multfilm görkeziler.

Ol çagalara öň mälim bolan Mämmetjanyň täze başdan geçirenleridir. Mjltfilmiň gahrymany pökgi tapýar we onuň eýesiniň gözlegine çykýar. Ol pökginiň hojaýynyny tapýança, dürli ýagdaýlara duçar bolýar.

Multfilm Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň studiýasynda surata düşürildi. Onuň režissýory — Röwşen Welmiýew.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: