YKDYSADYÝET

Önümçilikde her gije-gündizde sygyr süýdüniň 2,5 tonnasy işlenilýär

Bu ýokary görkeziji «Her gün» haryt nyşanly hususy önümçilige degişlidir. Saýat etrabynyň Awçy geňeşligindäki hususy önümhanada taýýarlanylýan önümler ýokary hil derejesi bilen ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.

Önümçilikde her gije-gündizde sygyr süýdüniň 2,5 tonnasy gaýtadan işlenilip, süýt we süýt önümleriniň bişirilip gaplanylan süýt, gaýmak, goýaldylan gaýmak, gatyk, dorog, peýnir ýaly ýokary hilli görnüşleri öndürilýär we halka ýetirilýär. Önüm öndürmek üçin gerek bolan çig mal telekeçiniň özünde bar bolan iri şahly mallarynyň, şeýle-de şahsy hojalyklardan satyn alynýan sygyr süýdüniň hasabyna üpjün edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: