Oktýabrda Türkmenabat şäherinde halkara festiwaly geçiriler

Şu ýylyň 11—14-nji oktýabry aralygynda Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçiriler.

Bu barada 13-nji iýulda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.

Festiwalyň çäklerinde halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary guramak, ussatlyk sapaklaryny, ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector