JEMGYÝET

Seken Kaliýew: «Çempionat sport diplomatiýasyny täze belentliklere çykarar»

Farap gümrük nokady arkaly Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin özbek serhedinden ýurdumyza gelen myhmanlaryň arasynda Gazagystanyň Kuraş federasiýasynyň tälimçisi Seken Kaliýew hem bar. Ol türkmen topragyna gadamyny goýan dessine şeýle gürrüň berdi:

«Her ýyl abraýly sport ýaryşynyň guramaçylyk işlerinde bolşy ýaly, Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin dostlukly Türkmenistanda giňden taýýarlyk işleri alnyp barlypdyr. Sebäbi biziň dostlukly ýurda gelen pursadymyzdan başlap, türkmen halkynyň gadymdan gelýän, ýatdan çykmajak myhmansöýerligi bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, bu zatlara aýdyňlygy bilen göz ýetirýärsiň. 23 ― 28-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty dostlukly Türkmenistanyň sport baradaky syýasatynyň, sport diplomatiýasynyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny nobatdaky dabaralanmasyna öwrüler».

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: