JEMGYÝET

Gyrgyzystanly tälimçi türkmenabatly kärdeşiniň ussatlygyna ýokary baha berdi

«Jeyhun.news»-yň habarçysy şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan Gyrgyzystanyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Iliçbek Daýkanow bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşligiň çäginde myhman Türkmenistanyň kuraş boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi, türkmenabatly hünärmen Şirin Kubaýewanyň ussatlygyna ýokary baha berdi:

― Biz dünýä çempionatyna Yssyk-Köl welaýatymyzda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bile taýýarlandyk. Türkmen ýygyndysynyň bäş tälimçilerinden köp zady öwrendim. Dörtguly aga (Dörtguly Tejenow) hem, Şirin eje (Şirin Kubaýewa) hem öz işiniň ussatlary. Aşgabada gelip, Yssyk-Köldäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşan özbegistanly, eýranly we saud arabystanly kärdeşlerimizdir türgenler bilen hem gaýtadan görüşdik, hal-ahwal soraşdyk. Bilelikdäki türgenleşiklerden soň biz şu gezek has taýýarlyk geldik hasaplaýarys. Netijesini bolsa çempionatyň dowamynda göreris.

Türgenlerimiziň arasynda Aşgabada ozal hem gelip görenleri bar (Gyrgyzystan Aziada ― 2017-niň uraş ýaryşlarynda üç medal gazanypdy). Men birinji gezek gelýärin. Ajaýyp Aşgabady diýseň haladym. Çuňňur myhmansöýerlik üçin bolsa aýratyn hoşallyk bildirýärin. Goý, ajaýyp şäherdäki sport baýramçylygy ählimize iň ýakymly duýgulary bagyşlasyn!

Gyrgyz ýygyndysy Türkmenistana bäş türgen bilen geldi. Olaryň bäşisi erkekler we biri zenan türgendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: