Saz sungatynda täze klassisizm akymy

Nov 21, 2020

XX asyryň günbatar saz medeniýeti juda çylşyrymly we dürli ösüş ýagdaýlary bilen häsiýetlendirilýär. Bir tarapdan, ol asyryň täze medeniýetiniň kemala gelişini, ösüşini we çylşyrymly durmuş prosesslerini şöhlelendirýän düýpli çeperçilik netijelere, deňi-taýy bolmadyk gymmatlyklaryň döremegine getirýär. Başga tarapdan, bu ösüş prosessleri, asyrlaryň dowamynda durnukly bolan öňki medeni däpleri bilen arabaglanyşygyň daşlaşmagyna birnäçe ymtylyşlary ýüze çykarýar.
Eger-de, XIX asyr saz sungatynyň esasy akymy hökmünde romantik stili bolan bolsa, onda iki asyryň çäginde we ondan soňky ilkinji on ýyllyklary täze-täze akymlar we stiller kemala geldi.

Eýýäm XX asyryň başynda K.Debýissi we A.Skrýabin ýaly kompozitorlar döreýär. I.Nestýewiň bellemegine görä, «olar saz diliniň we, ilkinji nobatda, garmoniýada özgerdijileri, täze saz oýlanmak babatynda ilkinji açyş eden meşhur kompozitorlar bolýarlar. Olar görülip eşidilmedik lad-garmoniki pikiriniň erkinligine, däp bolan mažor hem minor düzgünnamanyň çäginden batyrgaýlyk bilen çykmaga ymtylýarlar». Saz sungatynyň soňky ösüşi diňleýjileriň kabul edişleriniň öňünde has-da çylşyrymly meseleleri ýüze çykarýar. Olar A.Şýonbergiň hem A.Bergiň, I.Strawinskiniň hem D.Şostakowiçiň, B.Bartogyň, P.Hindemitiň, B.Britteniň we awangard mekdebine degişli kompozitorlaryň döredijilik gözlegleri bilen baglydyr.


Döwrüň üýtgäp durýan durmuşy wakalary bilen bagly şeýle saz döredijiliginiň okgunly ösüşiniň miweleri birden däl-de, ýuwaş-ýuwaşdan diňleýjileriň aňyna guýulýar. Kompozitorlaryň diňleýjileriň köpüsi üçin ilki başda mazmuny düşnüksiz bolan eserleriniň çeperçilik obrazlarynyň gözelligi, çuňlygy pikirleri hem duýgulary galmagy üçin onlarça ýyllar gerek bolýar.
Täze klassisizm öz arasynda çuňňur baglanyşykly gatnaşykda bolan iki prosesiň esasynda döreýär. Eger-de oňa taryhy nukdaýnazardan seredilse, onda munuň geçmiş mirasyna yzygiderli gaýdyp gelinmeginiň nobatdaky tapgyrydygyna göz ýetirmek bolar. Mysal üçin, arhitektura taryhyndan ýatlalyň. Durnukly bolan antik sungatynyň kanunlaryna asyrlaryň dowamy yzygiderli dolanylyp gelinýär. Bu wakalar sungatyň ösüşiniň wajyp bolan özgeriş pursatlarynda ýüze çykýar we şol döwürler bir stiliň kanunlary başgalary bilen ýerini çalyşýar. Çünki bu pursatlarda döwürleriň arabaglanyşygy has-da takyk şöhlelendirilýär.
Gomofon-garmoniki ýazuw usulyna esaslanýan romantiklerden tapawutly, täze klassisizm stiliniň wekilleri başga saz pikirleriniň düzgünnamasyna esaslanyp, garmoniki funksiýalara esaslanmaýarlar. Täze klassikler gadymy saz mirasynyň galkynmagyna ýüzlenýärler we onda häsiýetli döreýiş esaslarynyň formalaryny ulanýarlar. Olaryň gyzyklanmalary klassisizmiň üsti bilen beýik barokko stiliniň döwrüne gidýär. Bu döwür erkin formalaryň döreýşi hem aralyk formalaryň döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle çemeleşmäniň netijesinde öň mälim bolmadyk, çeperçilik gatlaklaryň, medeniýetleriň, kä halatlarda bitewi çeperçilik döwürleriň birnäçe ýollary täzeden açylýar.
Täze klassisizm akymyň aýratyn meşhur wekilleriniň biriniň — I.Strawinskiniň täze klassisizminiň tapawutlandyrýan alamatlarynyň biri — klassiki däplerini özünde dolulygyna jemlemegidir. Ýewropa saz medeniýetiniň klassiki hem ondan öňki döwre degişli geçmişine aralaşmak bilen, I.Strawinskiý olarda öz eserleri üçin «nusgalary» tapýar, şol «nusgalara» esaslanmak bilen, ol ruhy hem stili boýunça öz döwrüne häsiýetli eserleri döredýär. Sazyň tertibine, obrazlaryň hem formalaryň aýdyňlygyna ymtylmak bilen, I.Strawinskiý XVII — XVIII asyrlaryň döwrüni ideallaşdyrýar.


W.Karatygin: «Debýussiniň, Raweliň, Regeriň, gadymy stil kompozisiýalarynda hemişe häzirki zaman alamatlary ýüze çykýar» diýip belleýär. Täze döwrüň alamatlaryny duýmaklygy oňa klassiki sazyň beýan ediş serişdelerine täzeden garamaga mümkinçilikleri açýar. Karatyginiň «täze stil» diýip kesgitlemegi impressionizm, dodekafoniýa, jazz, folkloryň milli baýlyklary we ş.m. bilen utgaşyp gidýär. Stilleriň, žanrlaryň, döwürleriň dürli çeperçilik formalarynyň şeýle sazlaşyklary şu günüň täze klassisizmi hökmünde aýratyn topara bölünmegini şertlendirýär.
XX asyryň ikinji ýarymynda B.Çaýkowskiý, M.Waýenberg, T.Hrennikow, A.Şnitke, G.Frid, W.Barkauskas, A.Nikolaýew ýaly sowet kompozitorlarynyň eserlerinde gadymy sazyň stilistiki kanunlaryna täzeden ýüzlenmekligi ýüze çykýar. Olar I.Strawinskiniň we onuň batyrgaý ýoldaşlarynyň «dünýäniň bütewiligini inkär edýän we dünýäni esasy ruhy mazmundan ybarat diýip tassyklaýan» ýaly «stilistiki plýuralizm» ideýasyny ussatlarça çözmegi başarandyklaryny subut edýärler. Olaryň eserlerinde gadymy sazlarynyň usullarynyň, žanrlaryň we klassiki mirasyň aýry alamatlarynyň erkin ulanylmagy esasy maksat däl-de, olaryň ideýasynyň amala aşyrylmagynyň wajyp itergisi bolup çykyş edýär.

Dilaram Awanessowa,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Fortepiano» bölüminiň müdiri.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: