Türkmenabat şäherinde woleýbol boýunça ýaryş geçirildi

Nov 21, 2020

Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasynyň welaýat bölüminiň we TMÝG-niň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guran ýaryşyna Türkmenabat şäherindäki başlangyç we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary birinji orna mynasyp boldular. Lebap welaýat maliýe-ykdysady we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdepleriniň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji baýrakly orunlary eýelediler.
Ýeňijilere ýaryşy guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: