MEDENIÝET

Lebap welaýatynda «Sungat we şygryýet» atly festiwal başlandy

Şu gün Lebap welaýatynda «Sungat we şygryýet» atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň kerler we körler jemgyýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçiriljek çärelere Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde badalga berildi.

Festiwala gatnaşmak üçin Aşgabat şäherinden we welaýatlaryň ählisinden myhmanlar geldiler. Olary Türkmenabat demir ýol we Halkara howa menzillerinde mähirli garşy aldylar. Festiwala gatnaşyjylar bäş günüň dowamynda Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde, Seýitnazar Seýdi adynda Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 38-nji orta mekdebinde, Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde, Lebap welaýatynyň baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginde, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde we Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde aýdym-saz bilen çykyş ederler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: