DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gazagystanyň ady üýtgemegi mümkin

Gazagystanyň «Ak žol» demokratik partiýasy döwletiň adyny Gazak Respublikasy diýip üýtgetmegi teklip etdi. Partiýanyň agzalarynyň pikirine görä, bu at ýurduň taryhy şöhratyny has belende göterer.
«Şu ýyl Gazak Respublikasynyň döredilenine 100 ýyl boldy. Ozalky Alaş hökümdarlygy Gazagystany esaslandyryjydyr. Taryhyň bir döwründe onuň adyny galplaşdyryp, Gyrgyz awtonom Respublikasy diýip atlandyrdylar. Bäş ýyldan soňra halkymyzyň Sultanbek Kožanugli, Saken Seýfullin, Žalau Minbaýugli ýaly şahsyýetleriniň hyzmaty bilen Respublikasymyza milletimiziň hakyky ady gaýtarylyp berildi» diýlip, partiýanyň wekili Azat Peruaşewiň çykyşynda aýdyldy.
Onuň aýdyşy ýaly, «Ak žol» partiýasy Hökümete bu taryhy senäni ýatlap geçmegi we döwleti Gazak Respublikasy diýip üýtgetmegi teklip etdi.
«Bu teklip Ş.Welihanow adyndaky Taryh instituty tarapyndan goldanyldy. Teklibe döwlet derejesinde hem uly üns bermek gerek» diýlip, çykyşda aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply