MEDENIÝET

Taryhy tapyndynyň ähmiýeti

Ýurdumyzda milli mirasymyzy  öwrenmeklige, gorap saklamaklyga hem-de nesillere ýetirmeklige diňe bir bu ugra degişli edaralar däl, eýsem dürli ulgamlaryň wekilleri, şol sanda Watan goragçylary-da işjeň gatnaşýarlar. Munuň şeýledigini ýakynda Türkmenabat serhet birikmesiniň “Ýaşyl depe” serhet galasynyň serhetçileriniň 12-14-nji asyra degişli bolan taryhy tapyndysy-üýtgeşik şekilli küýzesi hem subut edýär. Bu ýerde esasy zat Watan goragçylarynyň tapyndynyň taryhymyzy, geçmiş medeniýetimizi öwrenmekdäki ähmiýetine göz ýetirmekleridir.

 Ýurdumyzyň arheologlarynyň we taryhçylarynyň pikirlerine görä, bu tapyndy 12-14-nji asyrlara degişli bolup, şol döwriň kämil senetçiliginiň bolandygyny subut edýär. “Ýaşyl depe” serhet galasynyň serhetçileriniň Türkmenabat şäher Beýik watançylyk urşy muzeýi bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklamaklygy, olaryň bu ýerde yzygiderli bolup, merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýoly bilen tanyşmaklary, watançylyk duýgusynyň has-da ösmegine ýardam edýär. Hut şonuň üçinem Watan goragçylary gymmatly tapyndyny bu muzeýe tabşyrdylar. Bu bolsa muzeýe gelýänleriň şöhratly taryhymyzy bilen birlikde, milli mirasymyzy öwrenmeklerine hem ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: