Saýlawlar ― 2021: Lebap welaýatyndan görkezilen dalaşgärler

Mar 7, 2021

«Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça Lebap welaýatynda bellige alnan dalaşgärler barada maglumat ýerleşdirildi.
Ine, olar:
Lebap welaýat halk maslahaty tarapyndan:
Andaweliýew Söýeg Gurban ogly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň dolandyryjysy;
Bekiýew Ahmed Rahmedowiç, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Rysgally Lebap» şahamçasynyň karz amallary we pul dolanyşygy bölüminiň baş hünärmeni;
Ýangibaýew Magtym, Lebap welaýat häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri.
Köýtendag etrap halk maslahaty tarapyndan:
Allakulyýew Erkin Çaryýewiç, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Lebap» sement zawodynyň Enjamlary bejeriş-ulanyş önümhanasynyň we mehaniki ussahanasynyň inžener-konstruktory;
Halow Babamurat Magsatgulyýewiç, Köýtendag etrap häkimliginiň iş dolandyryjysy.
Dänew etrap halk maslahaty tarapyndan:
Aýdogdyýewa Nartäç Garrybaýewna, Dänew etrap häkimliginiň raýat ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri;
Meýmankulyýew Mansur Muhamedowiç, Dänew etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň gazna bölümçesiniň hünärmeni.
Halaç etrap halk maslahaty tarapyndan:
Bazarow Baýram Aganazarowiç, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.
Döwletli etrap halk maslahaty tarapyndan:
Çaryýew Begenç Ýangibaýewiç, «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň başlygy.
Kerki etrap halk maslahaty tarapyndan:
Joraýew Serdar Eýýemberdiýewiç, Kerki etrap häkimliginiň iş dolandyryjysy.
Hojambaz etrap halk maslahaty tarapyndan:
Jigaýew Babamurat Jumadurdyýewiç, «Lebappagta» önümçilik birleşiginiň Hojambaz pagta arassalaýjy kärhanasynyň merkezi hasabat bölüminiň maliýe-ykdysadyýet işleri boýunça baş hünärmeni.
Türkmenabat şäher halk maslahaty tarapyndan:
Mämmedow Murat Magtumkulyýewiç, Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe hassahanasynyň hukukçysy;
Saparowa Umida Babahanowna, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň işgärler we hukuk işi bölüminiň başlygy.
Farap etrap halk maslahaty tarapyndan:
Myradow Guwanç Babanazarowiç, Farap etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär.
Çärjew etrap halk maslahaty tarapyndan:
Narzyýew Zaýfeddin Haşimkulyýewiç, Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň müdiri;
Rejepowa Gülnaz Allabergenowna, Çärjew etrap häkimliginiň raýat ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri.
Saýat etrap halk maslahaty tarapyndan:
Pigamow Bähbit Ýagmyrowiç, Saýat etrap häkimliginiň 8-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary.
Darganata etrap halk maslahaty tarapyndan:
Seýidowa Bahar Hojamyradowna, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri wezipesinde işleýär.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: