TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda şaly oragyna girişildi.

Lebap welaýatynda şaly oragyna girişildi.
Welaýatyň gallaçylary 10,2 müň gektar gektar meýdana bu dänelik ekini ekip, onda bol hasyl ýetişdirdiler. Olar bu ýyl 47,4 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.
Şaly bugdaýdan boşan ýerlere ekilýär. Şu ýylyň tomsunda lebaply gallaçylar 310 müň tonnadan geçirip bugdaý ýygnadylar. Bu hasyl 130 müň gektar meýdanda ýetişdirildi. Ondan boşan ýerlere şalydan başga mäş, noýba, ýeralma, käşir, sogan we beýleki azyklyk ekinler hem ekildi. Olardan hem bol hasyla garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply