DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«iPhone 11» — iň köp satylýan telefon

«Российская газета»-nyň ýazmagyna görä, bütin dünýäde ulanyjylar 2020-nji ýylyň iň gowy smartfonyny saýlapdyrlar. Bu ada 2019-njy ýylda çykarylan «iPhone 11» mynasyp bolupdyr. Hut şu modeliň satylanlarynyň sany 65 milliona ýetipdir.
Ikinji we üçünji orunlary hem «Apple»-niň gajetleri — «iPhone SE 2020» (24,2 milliony satylan) we «iPhone 12» (23,3 milliony satylan) eýeleýär.
Smartfonlaryň birinji bäşligine «Samsung Galaxy A51» we «Galaxy A21s» hem girýärler. Bütin dünýäde iň köp satylan smartfonlaryň onlugyna «Samsung Galaxy A01», «iPhone 12 Pro Max», «Galaxy A11», «Redmi Note 9 Pro» we «iPhone 12 mini» girdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply