Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy

Nov 30, 2020

Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky 9-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi hem-de Jeýhun şäherçesiniň medeniýet öýi bilen bilelikde geçirilen çärä mekdebiň mugallymlary, ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Türkmenistana Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň taryhy ähmiýeti, döwletiň daşary we içeri syýasatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak we beýleki meseleler boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary, olaryň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylyşy, daşary ýurtlar bilen deň hukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň alnyň barylyşy barada hem durup geçdiler.
Jeýhun şäheriniň medeniýet öýüniň sungat işgärleri maslahata gatnaşyjylaryň öňünde bu senä bagyşlap taýýarlan konsert programmasy bilen çykyş etdiler.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: