«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda ýeralmanyň güýzki hasylyny ýygnap başladylar

Nov 12, 2020

«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda ýeralmanyň güýzki hasylyny ýygnap başladylar.
Hojalykda 370 gektar meýdana güýzlük ýeralma ekipdiler. Häzir atyzlarda bu azyklyk ekiniň bol hasyly ýetişdi. Eýýäm 14 gektar meýdanyň hasyly ýygnaldy we ondan 196 tonna önüm alyndy. Ýygylan ýeralmalar terligine Türkmenabat şäheriniň bazarlaryna we dükanlaryna iberilýär. Hojalyk bilen söwda nokatlarynyň arasynda goýlan gatnaşyk alyjylary bu önümler bilen bökdençsiz we elýeter bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Daýhan hojalygy geçen ýazda hem şonça gektar meýdanda ýeralma ýetişdirip, ondan 4811 tonna hasyl alypdy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: