YKDYSADYÝET

Her günde 5,5 tonna çenli süýt alynýar

Süýt önümçiligi boýunça ýokary görkeziji «Sahabatly» hojalyk jemgyýetine degişlidir. Hojalyk jemgyýetiniň özüne degişli döwrebap maldarçylyk toplumy bolup, onda gara mallaryň 450-den, dowarlaryň bolsa 500-den gowragy saklanylýar. Esasan, süýt ugurly idedilýän bu mallardan her günde 5,5 tonna çenli süýt alynýar. Maldarçylyk toplumyndan alynýan süýt özüniň ekologiýa taýdan arassalygy, tebigylygy, ýaglylygy bilen tapawutlanýar. Mallardan alynýan süýt hojalyk jemgyýetine degişli süýt we süýt önümlerini öndürýän kärhanada gaýtadan işlenilýär. Bu ýerde süýt we süýt önümleriniň ençeme görnüşi öndürilip, «Sahabatly» haryt nyşany bilen içerki sarp edijilere ugradylýar.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: