Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bäsleşik geçirildi
Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli mirasymyzyň waspy» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde geçirilen çärä muzeýiň işgärlerinden döredilen iki topar gatnaşdy.
Gatnaşyjylar dört şerti ýerine ýetirmek boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Topar bilen tanyşdyrmakdan soň berlen eksponatlardan 10 minudyň dowamynda sergi guramakda bäsleşdiler. Soňra Gahryman Arkadagmyzyň kitaplarynda getirilýän rowaýatlaryň esasynda sahna goýdular. Soňra bolsa toparlaryň kapitanlary taýýarlanan soraglara jogap berdiler.
Emin agzalary bäsleşigiň deňlik bilen tamamlanandygyny yglan etdiler. Oňa gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.