YKDYSADYÝET

Türkmenistanly telekeçi germew torlaryny öndürýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Bäşim Sopyýewiň örme demir torlaryň (germewleriň) öndürýän kärhanasynda sagatda 60-dan 120 inedördül metr çenli germew öndürilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti şeýle habar berýär:

Kärhanada örtükli we daşy sinklenen germewler öndürilýär. Örme demir torlary bir gatdan ybarat bolup, olaryň gözenekleriniň ölçegleri 3,5×3,5;; 4,5×4,5;; 5×5;; 6×6 santimetrdir. Germew rulon görnüşinde öndürilip, onuň ini 1,5 metrden 6 metr aralygynda, uzynlygy 10 metre çenli bolýar. Bu ýerde, esasan, müşderileriň sargytlaryna görä, dürli ölçeglerde önüm öndürilýär. Kärhanada öndürilýän önümler uzak möhlete çydamlylygy, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Telekeçiniň alyjylaryň barha ösýän isleglerini nazarda tutup, önümçiligi has-da giňeltmek, öndürilýän önümleri daşary ýurtlara-da eksport etmek maksady bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: