Türkmenistanda dokma senagatynyň önümleriniň öndürilişi artýar
Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen on aýda nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini, degişlilikde, 126,6 hem-de 130,3 göterime barabar boldy, Tikin we trikotaž önümleriniň ösüş depgini 111,3 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 109,9 göterime deň boldy. Bu maglumatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji noýabrda geçirilen mejlisinde getirildi
«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 115,3 göterim ýerine ýetirildi.