SPORT WE SYÝAHAT

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýaryşlar geçirildi

Lebap welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 5-nji, 6-njy sport mekdeplerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça sport çäreleri geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Adylbek Jumanowyň türgenleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Ýaşlar sportuň bu görnüşiniň tärlerini ussatlyk bilen ele alandyklaryny subut etdiler. Şeýle-de ýaş sport söýüjileri gimnastika, welosiped sürmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän sport çäreleri welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, sport mekdeplerinde dowam edýär. Olara dürli ýaşdaky we kärdäki ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Sport çäreleri bilen bir hatarda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça hem maksadalaýyk işler alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: