SPORT WE SYÝAHAT

Şaşka boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Sportuň 64 öýjükli şaşka görnüşi boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen welaýatyň çempionatyna Türkmenabat şäherinden we welaýatyň etraplaryndan güýçli türgenleri gatnaşdylar.

Erkekleriň arasynda welaýat merkezinden tejribeli türgen we tälimçi Kurbandurdy Jumaýew ynamly ýeňiş gazandy. Ikinji we üçünji orunlara türkmenabatly Merdan Muradow we Atamurat Jumaýew mynasyp boldular.

Aýal-gyzlaryň arasynda Çärjew etrabyndan Gülälek Ýaşuzakowa şowly çykyş edip, welaýatymyzyň çempiony boldy. Ikinji we üçünji baýrakly orunlary bolsa welaýat merkeziniň wekilleri Mahym Metiýewa we Maral Haýitowa eýelediler.

Ýaryşyň ýeňijilerine degişli diplomlar gowşuryldy. Bu bäsleşik türgenleriň tejribe toplamaklarynda ähmiýetli boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: