Türkmenabat şäherinde «uçýan top» ýaryşy geçirildi
Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebinde 2008—2009-njy ýylda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça «uçýan top» ýaryşy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden hem-de Darganata, Halaç we Hojambaz etraplaryndan başga ähli etraplardan toparlar gatnaşdylar.
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherini birinji topary birinji, Çärjew etrabynyň topary ikinji we Türkmenabat şäheriniň ikinji topary üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda geçirilen duşuşyklarda Çärjew etrabynyň topary hemmelerden gowy oýnady we birinji orna mynasyp boldy. Türkmenabat şäheriniň birinji topary ikinji, Köýtendag etrabynyň topary bolsa üçünji orun bilen ylalaşmaly boldular.