SPORT WE SYÝAHAT

Dzýodo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda Hakberdi Jumaýew bürünç medal gazandy

Dzýudo boýunça Warşawada (Polşa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmenistanly pälwan Hakberdi Jumaýew bürünç medalyň eýesi boldy.

Çempionata 43 ýurtdan 429 türgen gatnaşdy. Olaryň 248-si erkeklerdir we 181-si zenanlardyr. Olar iki günüň dowamynda dürli agram derejelerinde medallaryň 14 toplumyny almak ugrunda göreşdiler. Türkmenistanyň toparyna 13 (9 erkek, 4 zenan) dzýudoçy girdi.

Hakberdi Jumaýew bürünç medala 60 kilogram agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde birinjiligi almak üçin 16 ýurtdan gelen 38 pälwan göreşdi.

Hakberdi Jumaýew häzir 23 ýaşynda. Ol Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: