DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Görüp bilmeseňiz, beýle hadysa ýene 19 ýyldan gaýtalanar

Aýyň 2023-nji ýyldaky iň uly tutulmasyny maý aýynda synlap bileris. Şol gije Ýer Aýyň öňüne düşer we onuň deň ýary garalar.

Bu asman hadysasynyň 5-nji maýdan 6-njy maýa geçilýän gijede bolup geçmegine garaşylýar. Hadysa Ýewropada, Aziýada we Awstraliýada has aýdyň görner.

Astrologlaryň aýtmagyna görä, 5-nji maý gijesinde Aýyň agramly bölegine kölege düşer. Tutulmanyň edil merkezinde asmanda gara reňkli Aýy synlap bileris.

Aýyň şondan soň iň uly tutulmasy 2042-nji ýylyň sentýabr aýynda bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: