SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly mekdep okuwçylary Gazagystanda geçirilen küşt ýaryşyna gatnaşdylar

Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Yhlas Narimanow 7-nji awgusta Aktau şäherinde tamamlanan küşt boýunça mekdepleriň arasyndaky toparlaýyn dünýä çempionatynda ýekelikdäki hasap boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Toparda 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda ikinji tagtada çykyş eden Yhlas «performans-reýting» oýun derejesini (87,5 %) görkezdi. Onuň netijesi diňe ukrainaly Stanislaw Pentskonyňdan (93,8 %) pes boldy.    

12 ýaşa çenli küştçileriň arasyndaky toparlaýyn ýaryşda Türkmenabadyň 41-nji orta mekdebi mümkin bolan 16 utukdan 9-syny gazandy we 27 toparyň arasynda 11-nji ýeri eýeledi.

18 ýaşlylaryň ýaryşyna hem Türkmenistandan şol mekdebiň topary wekilçilik etdi. Ýeri gelende bellesek, bu mekdebiň topary şu ýyl ilkinji gezek mekdepleriň toparlarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi bolupdy. Aslynda, Halkara Küşt federasiýasynyň howandarlygynda Aktauda geçýän mekdepleriň toparlarynyň dünýä çempionatynyň hem taryhda ilkinji gezek guralýandygyna ünsi çekmelidiris.

Şeýlelikde, bu ýaş derejesinde üç oglany we bir gyzy özünde jemleýän türkmen topary mümkin bolan 16 utukdan 9-syny gazanyp, 43 toparyň arasynda 17-nji ýeri eýeledi.  

41-nji orta mekdebiň ulular toparynyň wekilleriniň birnäçesiniň heniz 15 hem ýaşamandygyny ýatlap geçmelidiris. Emma toparyň ýene birnäçe ýyllap şu düzümde çykyş etjekdikleri begendirýär. Çünki mekdebiň şu ýaş derejesindäki ýygyndy toparyna 16 ýaşa çenlileriň arasynda ýurduň çempiony Sanjar Gaýbullaýew (15 ýaş), ýaşy 14-e çenli küştçileriň arasynda Türkmenistanyň häzirki çempiony Gurbanmyrat Rüstemow (13 ýaş), kän wagt bäri resmi ýaryşlarda çykyş etmedik Begenç Artykow (16 ýaş) hem-de 15 ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasyndaky Aziýa çempionatynyň bürünç medalçysy Gülmira Seýilhanowa (15 ýaş) dagy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: