YKDYSADYÝET

Seýdiniň NGIZ-inde 117 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi

Seýdiniň iri senagat kärhanasy bolan nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýylyň geçen üç aýynda kärhanada çig mallaryň 117,4 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi we bu baradaky meýilnama 106,8 göterim berjaý edildi.

Şonça çig maldan benziniň 60 müň tonnasy öndürilip, degişli meýilnama 102,5 göterim ýerine ýetirildi. Mundan başga-da dizel ýangyjynyň 29 müň tonnadan gowragy, agyr wakuum gazoýlynyň 4,3 müň tonnasy, ýol bitumynyň 2,9 müň tonna golaýy we beýleki gymmatly önümler öndürildi.

Bu harytlyk önümlere ýurduň çäginde we daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Şol sebäpli önümleri ýerleşdirmekde bökdençlik ýüze çykmaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: