LUKMANÇYLYK

Sarymsagy derman ýaly «içmek» peýdaly

Dietolog lukman, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Mihail Ginzburg sarymsagyň garaşylmadyk häsiýetini açdy. «Россия 1 teleýaýlymynyň «Iň esasy barada» («О самом главном») gepleşiginde ol ol onuň iýmit siňdirmekde peýdalydygy barada gürrüň berdi, diýip «lenta.ru» ýazýar.

Ginzburguň aýtmagyna görä, sarymsagyň iki zatda peýdasy bar: ol iýmiti siňdirmäge ýardam edýär, şonuň ýaly-da, antibakterial (bakterialaryň garşysyna göreşmek) ukybyna eýe. Netijede ol içiň ýellenmeginiň öňüni alýar.

Gepleşigi onuň bilen bile alyp barýan lukman Sergeý Agapkin hem sarymsagyň iýmit siňdirilişine täsrini güýçlendirmegiň usuly barada gürrüň berdi. Ol onuň bir dişini dört bölege bölmegi we olary derman ýaly ýuwutmagy maslahat bedi. «Sarymsagyň bölegini derman ýaly ýuwutsaň, ol inçe içegede siňmän, ýogyn içegä düşer we ol ýerde efir ýaglary antibakterial täsir ederler» diýip, lukman düşündirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: