JEMGYÝET

«Grammy» baýragyna hödürlenenleriň atlary belli boldy

Şwesiýanyň «ABBA» topary, şonuň ýaly-da amerikan aýdymçylary Ledi Gagi we Billi Aýliş «Grammy» amerikan saz baýragynyň «Ýylyň ýazgysy» derejesi boýunça baýraga hödürlenenleriň sanawyna girizildi, diýip «ТАСС» habar berýär.

Baýraga «ABBA»-nyň «I Still Have Faith In You» aýdymy hödürlenildi. Şonuň ýaly-da, Billi Aýliş «Happier Than Ever» hem-de duet Toni Bennet we Ledi Gagi «I Get A Kick Out Of You» aýdymy bilen baýrak almak ugurnda göreşerler.

Olardan başga-da, baýraga reper Lil Nas X «Montero» aýdymy, kanadaly Jastin Biber «Peaches» kompozisiýasy, Oliwiýa Rodrigo «Drivers license» aýdymy, rep-duet «Silk Sonic» «Leave The Door Open» kompozisiýasy, Doj Ket we SZA «Kiss Me More» hem-de aýdymçy Brendi Karlaýl «Right On Time» aýdymy üçin hödürlenildi.

«Grammy» baýragy bilen sylaglamagyň 4-nji dabarasy Los Anjelesde 31 ýanwarda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: