Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Melhemler mekany

May 17, 2021

Ilatyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar möhüm ähmiýete eýedir. Lebap welaýatynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Gazojak şypahanasy hem şeýle mesgenleriň biridir. Gazojak şypahanasy şäherden 11 kilometr uzaklykda Naýyba barýangara ýoluň çep tarapynda ýerleşýär. 100 adama niýetlenen bu şypahananyň 1985-nji ýylda düýbi tutulyp, 1988-nji ýylda ulanylmaga berildi. Bu ýerde 30 hünärmen raýatlara hyzmat etýär. Şypahanada nerw ulgamy, iýmit siňdiriş aşgazan, öt, deri, aýak keselleri, daýanç- hereket ulgamy, diş, ýürek-damar ulgamlarynyň keselleri bejerilýär.
Tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän bu şypahanada bejergi alýan raýatlarymyz fizioterapiýa, owkalama hyzmatlaryndan peýdalanýar. Gazojak şäherinden 30 kilometr aralykda ýerleşýän «Ajybulak» we «Gaýnarbulak» çeşmelerinden bedeniň sowuklamasyna garşy we fiziki güýjüni berkitmeklige niýetlenen mineral suwlar we mineral palçyklar ýörite awtoulaglarda getirilip, bejergi işlerinde ulanylýar.
Şypahananyň naharhanasynda ussat aşpezler zähmet çekýärler. Olaryň ýörite düzülen tagamnama esasynda berhiz tagamlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyndan peýdalanyp, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan çaýlary raýatlaryň göwnüni göterýär.
Häzirki wagtda şypahanada düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, raýatlary kabul etmäge taýýarlanylýar.

Aýna Aşyrgeldiýewa,
Mähri Tuwakgylyjowa,
Darganata etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary.

 

Leave a Reply