LUKMANÇYLYK

Alymlar degna öýjüklerini dikeltmegiň usulyny tapdylar

ABŞ-da Illinoý uniwersitetiniň alymlary Pakrinsonyň keseli ýaly neýrodegeneratiw keselleri bilen näsaglan adamlaryň zaýalanan degna öýjüklerini dikeltmegiň usulyny tapdylar. Olar muny öýjüklere peptidleriň täsir etmeginiň kömegi bilen başardylar. Bu barada «Medical Express»-e salgylanmak bilen «mail.ru» habar berýär.

Tejribe maddanyň degna ulgamynyň öýjüklerini düzýän mitohondriýanyň bölünmegini ingibirlemäge ukyplydygyny, şonuň ýaly-da, öýjükler dikelmäge mümkinçilik berýändigi hem-de olaryň soňky zaýalanmalarynyň öňüni alýandygyny görkezdi.

Alymlar olaryň işleriniň neýrogeneratiw genetiki bozulmalardan täze görnüşli derman ýa-da terapiýa oýlap tapmaga mümkinçilik berer diýip tama edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: