YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň maldarlary gyşa taýýarlykly geldiler

Lebap welaýatynyň maldarlary bu ýylyň gyşyny hem taýýarlykly garşylaýarlar, diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna börä, Garagumda we Gyzylgumda bakylýan mallar öňden taýynlanyp goýlan gyş örülerine eltildi. Şeýle örülerde kaşarlaryň 300-e golaýy bar. Ätiýaçlyk ot bolsa gyşyň aladasynyň tomusdan edilendigini aňladýar. Şu ýyl welaýat boýunça taýýarlanan ätiýaçlyk ot 14 müň tonna golaý boldy.

Welaýatda maldarçylyk hojalyklarynyň 6-sy bolup, olaryň her birinde ýörite ot taýýarlaýjylar topary döredildi. Olaryň tagallasy bilen meýdan otlary, bugdaýyň, şalynyň samany ýygnaldy. Ekilen arpadan bolsa gowy hasyl alnyp, iýmlik arpanyň ýeterlik möçberi taýýarlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: